Žurnalistiň sahypasy

Nebit-gaz toplumy durnukly ösdürilýär

13-10-2022 / 10

Türkmenistan benzindir dizel ýangyjyny ilat üçin iň arzan bahadan berilýän ýurtlaryň onlugyna girýär.

Döwletimiziň durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasaty, uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary we olary gaýtadan işleýän önümçilikleriň bolmagy netijesinde ilat ýurdumyzda öndürilýän ýangyç bilen elýeter bahadan üpjün edilýär. Geçen dokuz aýyň netijesi boýunça nebit-gaz toplumynyň we esasy görkezijileriň durnukly ösüşi bellenilýär. Mysal üçin, «Türkmennebit» Döwlet konserni nebit çykarmak tabşyrygyny 100,7 göterim we ony gaýtadan işlemegi – 110,9 göterim, benzin öndürilişini – 115,7 göterim, dizel ýangynyň öndürilişini –111,6 göterim, polipropilen önümçiligini –122,3 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişini –101,1 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürilişini – 113,9 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy –115,3 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 125,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Milli ykdysadyýetiň strategik ulgamy pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmegiň we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagyň hem-de nebit-gaz toplumynyň kärhanalarynyň üznüksiz işledilmeginiň, nebiti we gazy çuňňur gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlaryň gurulmagynyň, dünýäde islegli önümiň önümçiligini we eksportyny artdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny açmaga gönükdirilendir.

Şagylyç BERDIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu