Halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak medeni miraslary, elýetmez gymmatlyklary bar. Şolaryň hatarynda küştdepdi tansy bütin dünýäniň halklaryny haýrana galdyryp, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Halkymyzyň milli edim-gylymlarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň ençemesini özünde jemleýän küştdepdi özüneçekijiligi, owadanlygy, dürli öwüşginleri bilen adamzat kowmunyň iň söýgüli tansyna öwrüldi. Küştdepdi tansyny berdaşly ýigitlerem, juwan gyzlaram, gojalaram, kümüş saçly enelerem ýerine ýetirýärler. Bu tans adamyň bedenini berkidip, şähdini açýan, bedene egsilmeýän güýç berip, ähli alada-ünjiňi ýele sowurýan sungatdyr.
Alymlarymyzyň aýtmagyna görä, taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan küştdepdi tansy göze görünýän-görünmeýän ähli bela-beterleri kowup ýok edýän tans hökmünde ýüze çykarylypdyr. Şeýle hem küştdepdini synçy nazary bilen synlan her bir adam onda gojaman Hazaryň tolkunlarynyň owazyny-da, adaja öwüsýän deňiz şemalynyň sesini-de duýup biler. Hatda deňiz tolkunlarynyň depesinde ganat ýaýyp ýören çarlak guşlaryň sesleri hem bu tansa özboluşly gözellik çaýýar. Küştdepdini daşary ýurtly sungat ussatlarynyň hem höwesli ýerine ýetirmekleri onuň dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýändiginiň alamatydyr.
Hereket bilen gazallaryň sazlaşygyny birleşdirýän küştdepdi tansy diýseň täsirlidir. Küşt depýänleriň daşyna märeke halkalaýyn aýlanyp, sazlaşykly el çarpma bilen tansçylary goldaýar. Şeýlelikde, küştdepme diňe orta çykanlaryň däl, uly-kiçi hemmäniň şowhunly aýdymyna öwrülip gidýär.
Türkmen sungatynyň özboluşly keşbi bolan küştdepdi aýaklaryň deňine sazlaşykly urulmagy, aýdylýan bent-gazallaryň äheňi bilen utgaşyp, şowhunly owazy emele getirýär. Üç depim has çylşyrymly bolup, ony ukyply, ezber adamlar ussatlarça ýerine ýetirýärler.
Jennet HAÝITMURADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.