Eziz Diýarymyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär, türkmen atşynaslyk sungaty belentliklere göterilýär. Halkymyzyň buýsanjy, gardaş derejesinde gören bedewleri görlüp-eşidilmedik derejede sarpalanýar, söýülýär.
Ata-babalarymyz: «Ýüwrük atyň bahasy bolmaz» ýa-da «Hakyky seýis işe girişmese, bedewden ýorga çykmaz» diýip, örän jaýdar belläpdirler. Pederleriň ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň atlara bolan söýgüsi, höwes-yhlasy netijesinde, bu gün behişdi bedewler milli hem-de dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygyna öwrülip, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýarlar. At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek sagdynlygyň, ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda berk bedenliligi, çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Ahalteke bedewlerimiziň halkara derejede geçirilen ýaryşlarda ýokary sylag-serpaýlara mynasyp bolandyklaryna taryh şaýatdyr. 1935-nji ýylda ildeşlerimiziň 30-synyň gatnaşmagynda 4300 kilometr aralyga geçirilen Aşgabat — Moskwa atly ýörişinde türkmen bedewlerine örän uly baha berlipdir. ХХ asyryň ortalarynda 2 metr 12 santimetr päsgelçilikden böküp geçmek bilen, bütindünýä rekordyny täzelän, şeýle-de geçen asyryň ikinji ýarymynda Rimde, Tokioda, Meksikada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda yzly-yzyna üç gezek ýeňiji bolan Perepel, dünýäniň iň güýçli seýisleri tarapyndan uzak wagtlap ýaryşlara taýýarlanan atlaryň arasynda ýeňiji bolup, «Asyryň sport aty» diýen hormatly ada mynasyp bolan Absent, 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen dünýä çempionatynda altyn medalyň eýesi bolan Ýanardag we beýlekiler türkmen halkyna şöhrat getiren bedewlerdir.
Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglydyr. Ahalteke bedewleriniň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmenleriň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär.
Aýgül ANNADURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Atçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby.