Häzirki wagtda sanly ulgam, internet, elektronika, kompýuter ýaly sözler her bir adamyň dilinde köp gaýtalanýar. Munuň özi XXl asyrymyzyň — tehnologiýalar asyrydygyny ýatladýar. Sanly aragatnaşyk islendik ulgamda hem ýokary netijeli prosesligine galýar. Ykdysadyýet, bank we maliýe ulgamlarynda bolsa, bu has giň gerime eýe.
Bütin dünýäde alanyňda, häzir elektron pullardan peýdalanmak mümkinçiligi giňeýär. Adamlar puly gapjygynda ýa jübüsinde däl-de, elektron gapjygynda, kartynda ýa-da mobil telefonynda saklamagy amatly hasaplaýarlar. Şeýle hyzmatlary ýola goýujylaryň bolsa, sanly ulgamda «ýaşaýandygy» öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Şeýlelikde, ykdysadyýetiň sanly öwrülişigi ýüze çykýar.
Biziň ýurdumyzda hem dünýäniň hiç döwletinden kem bolmadyk kämil maliýe-bank ulgamymyz ilatymyza sanly hyzmatlaryň täzeden-täze görnüşlerini yzygiderli hödürleýär. Ýokary tizlikli kompýuter aragatnaşygyna giň ýol açylmagy ilata töleg-hasaplaşyklary, karzlary, depozit we beýleki hyzmatlary amala aşyrmagyň usullaryny has-da ýeňilleşdirýär.
Karz serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna gönükdirilýän serişdeleriň göwrüminiň artdyrylmagy, banklaryň durnukly girdejili çeşmeleriniň döredilmegi gazanylýar. Önümçilik maksatly taslamalar karzlaşdyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrýar.
Reýimbaý TÄJIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.