Bir hakykat bar: ykdysadyýet hem, tehnika hem, dolandyryş hem, umumy durmuş hem bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Sanly maglumat ulgamlarynyň geriminiň giňeýän döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti dowamly kämilleşdirmegiň näderejede zerurlygy öz-özünden düşnüklidir.
Sanly ulgam — geljegiň ygtybarly we ykrar edilen ösüş ýoly. Bütin dünýäde ykrar edilen bu ulgamyň adamzat üçin örän möhüm ähmiýeti soňky birnäçe ýylyň içinde has-da duýuldy. Adatdan daşary we garaşylmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynda çäklendirilmeleriň girizilmegine sebäp bolan pandemiýa sanly ulgamsyz şeýle meseleleri ýeňip geçmegiň müşgildigini subut etdi. Bu ösüşiň innowasion ugry bolan sanly ulgamyň dünýäde emele gelýän çylşyrymly halatlara garşy ykdysadyýetiň çeýeligini ýokarlandyrjak we halk hojalygynyň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmäge ýardam berjek döwrebap guraldygyny görkezýär.
Ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän ata Watanymyz häzirki güne çenli sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda başy başlanan sanly reforma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ýurdumyzda netijeli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgam babatda giň gerimli özgertmeleri öz içine alýan konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyry doly amala aşyryldy.
Umuman, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder. Hut şonuň üçin-de, bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar.
Nedir AGAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.