Türkmenistan daşary ykdysady işinde, esasan eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň dolandyrylmagy iki sany iri topary öz içine alýar. Olara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady aragatnaşyklar degişlidir. Türkmenistanyň önümleri dünýäniň köp ýurtlaryna eksport edilýär.
Dünýäde bolup geçýän integrasion ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýeti bardyr. Integrasion birleşmeler bilen gatnaşyk etmegimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysadyýetine goşulmagyny güýçlendirýär. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem özara bähbitli integrasion birleşmeleriniň işine gatnaşmaklyk bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dürli integrasion birleşmeler bilen hyzmatdaşlyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde 1985-nji ýyldan bäri hereket edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hem agzalarynyň biridir. Bu gurama EKO ady bilen bellidir. Bu guramanyň çäklerinde dürli meseleler çözülýär, ykdysady hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Ol gatnaşyklar dürli-dürli bolup, olara söwda gatnaşyklary, tebigy baýlyklary bilelikde özleşdirmek we peýdalanmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek hem-de telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek ýaly meseleler degişlidir.
Ýurdumyzyň esasy baýlygy hasaplanylýan tebigy gazy dünýä bazaryna çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eksport syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen gazyna dünýäniň dürli künjeklerinden isleg bildirýärler. Häzirki wagtda dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek iň möhüm meseleleriniň biri hasaplanylýar. Şol sebäpli hem türkmen gazyny dürli ugurlar boýunça ýetirmek meselesinde Türkmenistan bilen bir hatarda dünýäniň beýleki ýurtlarynyň gyzyklanmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gaz geçirijileriň gurlup işe girizilmegi türkmen tebigy gazyny eksport etmekligi diwersifikasiýalaşdyrmakda ädilen iňňän möhüm ädimdir.
Halkara ykdysady guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.