Žurnalistiň sahypasy

Häzirki zaman jemgyýetinde ynsanperwer ylymlarynyň orny

03-10-2022 / 11

Bilşimiz ýaly, ynsanperwer ylymlary durmuş ylymlary bilen baglanyşykly bolup, adamy, onuň jemgyýetçilik, ruhy, medeni, akyl we ahlak taýdan ýerine ýetirýän işlerini seljerýär. Jemgyýetiň, raýatlaryň dünýägaraýyşlarynyň ösüşini kesgitleýär, ylym, bilim, medeniýet çygrynda döwlet syýasatynyň maksatlarynyň, ýörelgeleriniň hem-de ähmiýetiniň halk köpçüligine wagyz edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň has netijeli bolmagyna ýardam edýär.

«Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» onuň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň, hukuk ulgamynyň, kanunçylygyň, ykdysadyýetiň, taryhyň, milli mirasyň we medeniýetiň, dil biliminiň hem-de edebiýatyň, pedagogikanyň, psihologiýanyň, sportuň we bedenterbiýäniň, syýahatçylygyň ösüşini seljermegiň guralyşyny, şeýle hem jemgyýetiň syýasy, ykdysady, ruhy, medeni, hukuk ýagdaýyny ylmy taýdan öwrenmek nukdaýnazaryndan ugur alnyp işlenilip düzülendigi kesgitlenendir.

Durmuş-ynsanperwer ylymlary babatda gadymy, nusgawy we häzirki zaman türkmen edebiýaty, daşary ýurt edebiýaty, şonuň ýaly-da, baý halk döredijiligi esasynda türkmen şahyrlarynyň, görnükli şahsyýetleriň ylmy-edebi mirasy öwrenilmegine we köp jiltlik kitaplar taýýarlanmagyna, türkmen edebiýatynyň wekilleriniň halk köpçüligine giňden mälim bolmadyk döredijiliginiň öwrenilmegine we ylmy dolanyşyga girizilmegine degişli işler alnyp barylýar. XX asyryň türkmen edebiýatynda täze dörän edebi ýörelgeleri we edebi hadysalary kesgitlemek, Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň özboluşlylygyny açyp görkezýän edebi-nazary pikirleriň ösüşi, çeper edebiýatyň esasy aýratynlyklaryny ylmy esasda ýüze çykarmak boýunça ylmy-barlaglar alnyp barylýar öwrenilýär.

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçirip gelýän ylmy we edebi mirasyny toplamakda, ylmy taýdan öwrenmekde, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir.

Meýlis MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu