Milli ýörelgelere, dünýä tejribesine laýyklykda, döwlet gurluşyny has-da berkitmek, jemgyýetçilik durmuşyny düýpli kämilleşdirmek, ýurdumyzy ykdysady-syýasy taýdan okgunly ösdürmek boýunça öňe sürýän hem-de üstünlikli durmuşa geçirýän batyrgaý başlangyçlary halkara giňişlikde uly gyzyklanma döredýär.
Ykdysadyýetiň ösüşine, durmuş syýasatyny kämilleşdirmäge hem-de oba ýerleriniň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar hem netijeli täsirini ýetirýär. Munuň özi dünýäniň beýleki döwletlerinden tapawutlylykda, ýurdumyzyň önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna ummasyz möçberde pul serişdelerini goýbermegine şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyz uly gurluşyklaryň mekanyna öwrüldi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny subut edýär.
Jemgyýetiň ösüşi köp ugurly bolup, ol ykdysady ösüşi, ykdysadyýetde strukturalaýyn ilerlemeleri, ilatyň durmuşynyň hiliniň we şertleriniň kämilligini öz içine alýar. Ykdysady ösüşleriň birnäçe görnüşleri mälimdir. Durmuşymyzyň ähli ugurlary boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýan täze eýýamymyzda eziz Diýarymyz iň ösen döwletleriň arasynda içerki önümleriň öndürilişi boýunça ýokary netijeleri gazanýan, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak babatynda oňyn döwlet syýasatyny ýöredýän ýurt hökmünde ykrar edilýär.
Ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesini onuň içerki önüminiň umumy möçberi, ilatyň jan başyna düşýän girdejiler, ykdysadyýetiň pudaklaýyn strukturasy, ilatyň jan başyna öndürilýän önümleriň esasy görnüşleri, halkyň ýaşaýşynyň derejesi we hili, ykdysady netijeliligiň görkezijileri kesgitleýär. Eger-de içerki önümiň hakyky möçberi ýurduň ykdysady kuwwatyny häsiýetlendirýän bolsa, onuň ilatyň jan başyna düşýän derejesi ykdysady ösüşleriň esasy görkezijisi hasaplanylýar.
Ýazmuhammet SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.