Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilmegi halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Dürli fotosuratlar bilen bezelen kitapda elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme-syn berlip, bu ugurda amal edilen işler anyk mysallar arkaly beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 3-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşdy. Täze kitapda mähriban Arkadagymyzyň bu ýokary okuw mekdebinde eden taryhy çykyşy ýerleşdirilýär.
Tebigy çig malyň baý gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyzda elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň artdyrylmagy, hiliniň ýokarlandyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna giň şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady — «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby bu ugurda zähmet çekýän hünärmenlere, mugallymlara, hünär öwrenýän talyplara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Humaý ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.