Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar.
Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim babatda kuwwatly döwlete öwürmek maksadyndan ugur alýan milli bilim syýasaty täze üstünliklere beslenýär. Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Bilimiň hemmelere wajypdygyny nazara alyp, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilendir. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, bu işde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ösdürilýär. Bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda matematika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň onlarçasy hereket edýär. Bu görkezijiler geljekki nesil barada aladalaryň döwlet syýasatymyzyň baş ugurlarynyň biri bolup durýandygyny subut edýär.
Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.