Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasaty esasynda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şolardan, esasan hem energetika, suw hem-de ulag diplomatiýalary häzirki wagtda ýurdumyzda köpugurly öwrenilýän we ösdürilýän ugurlaryň biri hasaplanylýar.
Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylda Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda diplomatiýa işinde täze ugruň — Suw diplomatiýasynyň döredilmegi hakyndaky meseläni öňe çykardy. Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.
Geçen döwürde Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bilen, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda suw diplomatiýasynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Onuň esasynda ýurdumyzda suw syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol syýasat oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasyna daýanýar. Suw hojalyk meselelerini toplumlaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek, biziň ýurdumyzyň suw strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan «Suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr, arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr» diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär.
Biziň ýaşaýan planetamyzdaky suwuň köp bölegi ummanlarda we deňizlerde jemlenendir. Süýji suwuň köp bölegi bolsa, polýar zolagyň we daglaryň buzluklarynda saklanýar. Tebigatda süýji suwuň emele gelmegi kiçi we uly suw aýlanyşygynyň netijesinde ýüze çykýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde suw meseleleri babatdaky düşünişmezlikleri diplomatik gepleşikler arkaly düzgünleşdirmegiň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda anyk çäreleri geçirmegiň zerurlygy halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa ähli ýurtlar üçin durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýydyr.
Biziň ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşygyna, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna agza bolup durýar we şonuň esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.
Sähetmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.