Şu gün Türkmenistanyň milli baýramy — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk güni! Garaşsyzlyk biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Garaşsyzlyk agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Watan gözümiziň görejidir, başymyzyň täjidir, Garaşsyzlyk bolsa guwanjymyzdyr!
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Gazanylýan ösüşler, ýetilýän sepgitler berkarar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we at-abraýydyr! Halk hem-de Watan diýen beýik sözler halkymyzyň diliniň senasyna, baş şygaryna öwrüldi. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýok. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adamdyr, iň beýik we mukaddes gazanylan zat bolsa garaşsyz ösüşdir, özygtyýarlylykdyr! Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny goramak ýurdumyzda baş wezipe hasaplanýar.
Beýik ösüşleriň okgunly bady, ähli künjekleri gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryny has-da ösdürmäge degişli işler durmuş ugurly wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, şol sanda 2028-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Prezident Maksatnamasy, Oba milli maksatnamasy, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabadyň durmuş-ykdysady ulgamlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegi, milli ykdysadyýetiň innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzy ösdürmek üçin örän giň mümkinçilikleri döredýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijelerini synlanymyzda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulan taglymatdygyna doly göz ýetirýäris. Bu taglymatyň aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — watansöýüjiligi, ahlak arassalygyny, ruhubelentligi terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýan taglymatdygy guwandyryjy hakykatdyr.
Bagdagül ORAZBERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.