Garaşsyzlyk baýramy gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, şöhratly geçmişimize, nurana geljegimize ynamy goşalandyrýan beýik baýramdyr. Garaşsyzlyk milletiň we döwletiň ykbalyna ägirt uly täsir edýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr.
Garaşsyzlyk baýramy pederlerimiziň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, garaşsyz döwlet, adalatly jemgyýet hakynda ençeme asyrlap edip gelen arzuwlarynyň wysal bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan-da, arşyň altyn şuglasyna, tylla Günüň nuruna deňelýän Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Çünki ykbaly çüwüp, bagty göterilen her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän bu keremli söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemleýär. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýän bu gudratly söz milletimiziň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz sütünidir, erkanalygymyzyň mäkäm binasydyr. Garaşsyzlyk milletimize egsilmez güýç berýän, nesillere ynam berýän gudratdyr.
Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şu aýratynlyklary barada oýlananyňda kalbyňy: «Garaşsyzlyk – ykbaly göterilen türkmeniň bagtynyň al-asmanda ganat ýaýmasy!» diýen buýsançly owaz gaplap alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, bagtly, şatlykly günlerimiz bir-birine zynjyr kimin sepleşip, her bir türkmenistanlyny bagtly geljegine sary ynamly alyp barýar. Bagt ýollaryndan batly gadamlar bilen barýan türkmen ykbaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tanalmaz deý özgerdi.
Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap almak bilen, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk derejesi Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzdi. Garaşsyzlygy bilen baky Bitaraplygyny goşa ganatyna öwüren türkmen döwleti bir ýylda asyrlara barabar ösüşleri gazanyp, dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýdy. Garaşsyz türkmen döwletiniň ykdysady galkynyşy türkmen gudraty ady bilen taryha girdi.
Baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.