Adam tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýar. Ol – tebigatyň aýrylmaz bölegi. Şeýle bolansoň, tebigaty aýawly saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjy, şol sanda, wezipesi, hukugy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip kesgitlenilýär. Hakykatdan-da, tebigat – biziň öýümiz, ojagymyz. Ýüregi «Watan!» diýip telwas edýän her bir ynsan öz ene topragynyň, ata ýurdunyň gözel, tebigatynyň mizemez, daş-töwereginiň hemişe abadan bolmagy ugrunda göreşip ýaşaýar.
Tebigaty mydama gözegçilikde saklamaly. Ony goramaly. Ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmeli. Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmeli. Tebigat täsinliklerimizi dünýä ýaýmaly, gözel tebigy künjeklerimizi syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli mekanyna öwürmeli. Bu – biziň esasy aladymyz.
Döwlet ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan «ýaşyl zolaklary» giňeltmek netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti has-da artýar. Geljekde-de dünýäde we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, olary köpeltmek, howany, topragy, suwy arassa saklamak boýunça tutumly işler durmuşa geçiriler.
Merdan BAÝRYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.