Žurnalistiň sahypasy

Ajap eýýamymyzyň ak ýollary

25-09-2022 / 10

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesinden ugur alnyp, her ýylyň 1-30-njy sentýabrynda ählihalk işine öwrülýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy uly goldawa eýe bolýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu çäre ýol-ulag hadysalarynyň öňüni alyp, il-günümiziň eşretli durmuşyna gönükdirilendir.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan we ýurdumyzyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.  Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy diňe bir sürüjiler üçin derwaýys bolman, eýsem, hemmämize degişlidir. Diýmek, köçe-ýollaryň hadysasyzlygyny gazanmakda her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.

Şu biraýlygyň maksadyny ilata ýetirmek zerur wezipedir. Şunda ýollarymyzyň ak ýollar bolup, maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň köçe-ýol hereketine gatnaşýanlaryň her biriniň seresaply, hüşgär bolmagyna baglydygy äşgär hakykatdyr.

Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu