Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge — Türkmenistany daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmegi azaldýan, şol önümleri beýleki ýurtlara iberýän ýurda öwürmäge çalyşýarlar.
Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary önümlerden doldurmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.