Häzirki wagtda ulag dolandyrýan raýatlarymyzyň sanynyň barha ýokarlanýan döwründe asuda ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek iň esasy ýerine ýetirmeli wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda eziz Diýarymyza altyn güýzüň gelmegi bilen başy başlanan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler uly ähmiýete eýedir.
Ýol hereketinde howpsuzlygy üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda bolýan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan işler, bu ugurda täzeçe, döwrebap işlemekde uly wezipeleri öňde goýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk raýatlarymyzyň rahatlygy, ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin alnyp barylýan işleriň mysalydyr.
Döwletimiz ýokary durmuş-ykdysasy özgertmeleriň ähli ugurlarynda täze ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda çar künjege tarap uzap gidýän awtomobil ýollary we demir ýollary guruldy. Olar bolsa doganlyk-dostluk, rysgal-döwlet, hoşniýetlilik ýollaryna öwrüldi. Aýna ýaly ýollarymyzda howpsuz hereketi amala aşyrmak maksady bilen, döwletimizde uly aladalar edilýär, uly mümkinçiliker döredilýär.
Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.