Suw – teşne göwünleriň melhemi. «Balygyň diriligi suw bilen» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläp geçipdirler. Balyk derýadan näçe uzak düşse, ol heläk bolar. Ynsanyň durmuşy hem şol balyk kysmy. Suwsan adama ýekeje damja suwuň em bolşy ýaly, biziň janymyz, ganymyz hem şol ýekeje damja suw bilen aýlanýandyr.
Asmandan daman damjalar zemini lälezar edýär. Her damja – bir jan. Göýä, topraga seçilen damjalaryň hersi soň bir ülüş bolup ýerden çykýan ýaly. Şol damjalar dammasa, aňňyt-aňňyt gum depelerine, bagyr ýaly garalyp ýatan baýyrlara jan girip, ýaşyl öwüsmek gümana.
Agzyna suw damdyrylan teşnäniň dura-bara ýüzüniň reňki üýtgäp, jana gelşi mysaly, dünýe suw bilen jana gelýär. Suw – biziň dirilik çeşmämiz. Suw – ýaşaýşymyzyň gözbaşy. Suwsuz durmuş ýokdur.
Mähriban Watanymyzyň derýalarynyň, deňizdir kölleriniň tebigatymyzyň gözelleşmeginde, daşky gurşawymyzyň ajaýyp görke gelmeginde, ýaşaýyş-durmuşymyzda, dürli görnüşli miwe we gyrymsy baglary, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, tebigy baýlyklarymyzy has-da artdyrmakda ähmiýeti bimöçberdir. Şu ýerde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýetini hem aýratyn nygtamak gerek. Suwy halk hojalygynda peýdaly we rejeli ulanmakda, ekerançylykda ýokary netijeleri gazanmakda, şeýle-de ýurdumyzda balyk hojalygyny ösdürmekde bu emeli kölüň ähmiýeti diýseň uludyr.
Halkymyz suwy mukaddeslik saýyp, her damjasyny gyzyla deňäpdirler. Suw hakynda «Suw damjasy – altyn dänesi», «Suw – zer, suwçy – zergär», «Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl», «Suw akar — älem bakar», «Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem», «Hasylyň atasy – suw, enesi – ýer»… ýaly birnäçe nakyllary hem miras galdyrypdyrlar. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu jümleler biziň üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.