Žurnalistiň sahypasy

«Bilimi özgertmek — geljegimizi gurmak»

22-09-2022 / 13

 

2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16 — 19-y aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda Bilim ulgamyny özgertmek boýunça Bütindünýä sammiti geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu sammite Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň barha ýokary derejä ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

«Bilimi özgertmek — geljegimizi gurmak» şygar bilen geçirilen bu bilim sammiti dünýäde iň zerur meseleleriň biri bolan bilimdäki global krizise jogap hökmünde çagyrylýar. Göze görünmeýän bu krizis dünýädäki çagalaryň we ýaşlaryň geljegine agyr täsir edýär. Bu geçirilýän sammit bilimi dünýä gün tertibiniň iň ýokary derejesine çykarmak we pandemiýa bilen baglanyşykly okuw ýitgilerini dikeltmek we çalt üýtgeýän dünýäde bilimi özgertmek üçin çäreleri, raýdaşlygy we çözgütleri öňe sürmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşulmagy şol gymmatlyklaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Maksat AKYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu