Ýurdumyzda il-halk bähbitli, ýurt ähmiýetli käbir çäreler asylly däbe öwrülip galyberýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesine laýyklykda ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem halkymyzyň abadan durmuşyny kepillendirýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy bütin dünýä boýunça öň hatardaky meseleleriň biridir. Berkarar Türkmenistanda hem bu meselä çynlakaý çemeleşilýär. Eziz Diýarymyzda ulag serişdeleriniň sanynyň birsyhly artmagy, bir tarapdan, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşyp, döwletiň ykdysadyýetiniň ösýändigini görkezse-de, ikinji tarapdan ýollarymyzda hüşgärligi artdyryp, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýär.
2012-nji ýylda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu babatda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu Kanun esasynda bu ulgama degişli ýörite milli Maksatnama işlenilip düzüldi. Ol halkara talaplara hem doly laýyk gelýär. Ýol-ulag hadysalarynyň köpüsiniň çagalar bilen baglanyşykly bolýandygy sebäpli, BMG-niň Çagalar gaznasy bu babatda aýratyn ynjalyksyzlandyrma bildirýär. Bu gurama ähli döwletleri ýol howpsuzlygynyň ösüş maksatnamasyna girmäge çagyrdy. Sebäbi çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek Çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýada berkidilen çagalaryň esasy hukuklarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, biziň ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän bu biraýlyk çäreleriň dowamynda esasy işler mekdeplerde, çagalar baglarynda we orta, ýokary okuw jaýlarynda geçirilýär.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.