Žurnalistiň sahypasy

Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

21-09-2022 / 11

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamy hem örän çalt depginler bilen ösdi. Pudaga maýa goýumlaryň giňden çekilmegi, iň kämil innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde döwrebap agrosenagat toplumy kemala geldi.

Häzirki wagtda Diýarymyzda oba hojalyk pudagy gülläp ösýär. Ýurdumyzda bu ugurda zähmet çekjek ählitaraplaýyn kämil ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy, pudagyň oba hojalyk tilsimatlary we ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hem-de gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň güwäsidir. Bu bolsa bazarlardaky azyk önümleriniň bolçulygynda hem-de ilatyň oba hojalyk önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda agrosenagat toplumynyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär hem-de şertler döredilýär. Öz nobatynda bular oba hojalygynda ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegi bilen deň hatarda, agrosenagat toplumynda taýýar önümleriň öndürilişiniň ýokarlanmagyna we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine doly mümkinçilik berer.

Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu