Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara bildirilýän ynamyň döwri

21-09-2022 / 19

Her bir asylly, gerekli zat bir gözbaşdan syrygsa, gelýän hasyl hem, gazanylýan netije-de göwnejaý bolýar. Bir başa uýýan halkymyz belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek, halkymyzyň parahat, asuda, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Bu ýaşlar syýasaty babatda-da şeýle. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Biz geljekde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň ynamyny ödemegi mukaddes borç hasaplap, ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Atabeg HAMRAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu