Sentýabr diýlende, ilkinji nobatda, aklymyza gelýän zatlary sanalyň! Tomsuň tamamlanyp, güýzüň başlamagy, ilkinji jaň, täze okuw ýyly, pagta ýygymy… Bu sanawda ýene bir ajaýyplyk bar. Ol hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreleridir.
Sentýabr aýynyň bütin dowamynda telewideniýede, radioda we metbugat sahypalarynda biraýlygyň ähmiýeti hakynda çykyşlara yzygiderli orun berilýär. Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatynda gymmatly maslahatlar berilýär. Biraýlygyň ýörite şygarynyň we nyşanynyň astynda geçirilen dabaralar dürli bäsleşikler, düşündiriş işleri, biraýlyga bagyşlanan depderleriň, kitapçalaryň, ýatlamalaryň we galamlaryň taýýarlanylmagy ýaly çäreler bilen utgaşýar.
Esasy Kanunymyzda adalatly bellenilşi ýaly, adam Türkmenistanyň iň gymmatly baýlygydyr. Gürrüňi edilýän biraýlygyň esasy maksady hem onuň şygarynda jemlenmeýär. Çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy».
Ömürleriň rahatlygyny kepillendirýän ýol hereketiniň howpsuzlygy, ilkinji nobatda özümiz üçin, galyberse-de nesillerimiz üçin iň esasy zerurlyklaryň biri hökmünde orta çykýar. Megerem, hut şonuň üçin «Ýol abat – il abat» diýlen bolsa gerek.
Täçmyrat BAÝRAMGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň mugallymy.