Sagdyn durmuşSlider

Ertiriňiz haýyrly bolsun!

16-09-2022 / 13

Eger siz agşamara buga bişirilen ýa-da gaýnadylan towuk döşünden ýyly nahar hem-de ter azyk önümlerinden taýýarlanan işdäaçar bilen iýmitlenseňiz, ýatmazyňyzdan ozal biraz gezelenç etseňiz, ukyňyz berk bolar. Ertir bilen turanyňyzda bolsa özüňizi ýeňil we şähdaçyk duýarsyňyz. Gadymy akyldarlar öz kitaplarynda şeýle ýazypdyrlar: “Öz iýýän zadyňyza, şeýle hem pikirleriňize we hyýallaryňyza üns beriň”. Gymmatly saglygyňyzy uzak ýyllaryň dowamynda berk saklamak boýunça birnäçe ýönekeý maslahatlar.

  1. Ertiriňizi ýeňil oýanmakdan başlaň, düşekden birden turmaň. Beden we onuň ähli akyl öýjügi ýuwaş-ýuwaşdan oýanmalydyr. Bogunlaryňyzy gowşadyň we ýylgyryň. Düşekde ýatan ýeriňizde elleriňizi we aýaklaryňyzy birnäçe gezek epip ýazyň. Aýnaň öňüne baryp, öz keşbiňize ýylgyryň.
  2. Bir bulgur arassa suw içseňiz kem bolmaz. Bu siziň aşgazanyňyzy iýmit kabul etmäge taýýarlamaga ýardam eder. 10-15 minudyň dowamynda ýeňil maşk etmäge çalyşyň. Ony mümkin boldugyndan arassa howa çykyp ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär, beýle mümkinçilik ýok bolsa, penjiräňizi açyp ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Netijeliligiň syry ýerine ýetiriş tertipliliginde jemlenendir — hepdäniň dowamynda 2 sagat maşk etmekden günde 15 minutlyk maşk etmeklik has haýyrlydyr. Myşsalar, beden agzalary gerekli kislorody alýarlar. Suwy ýygy-ýygydan içseňiz gowy bolar, suwa bir bölejik limon atylsa bolar.
  3. Ýeňil maşklardan soňky duş tutuş bedeniňizi janlandyrar. Gapma-garşylykly (gyzgyn, sowuk) duş nerw duýujylaryny oýatmak bilen, siziň nerw ulgamyňyzy we bedeniňizi umumylykda berkider. Duşdan soň çygly endamyňyza, öz islegiňize görä: badam, zeýtun ýaly tebigy ýaglarynyň birini çalmaklyk örän peýdalydyr.
  4. Ertirlik naharyny miweli suwlardan ýa-da agyz suwundan başlasaňyz gowy bolar. Syçratgynyň guradylan köki (sikoriý), ittirsek we çowdary ösümligi goşulan içgiler örän peýdalydyr. Olaryň tagamy kofe içgisiniň tagamyna meňzeşdir, emma adamyň duýgularyny güýçlendirýän täsiri ýokdur, olar ýüregiň hem-de öt haltasynyň işine ýardam edýärler. Suwa gaýnadylan we ter miweler (banan, alma, ir-iýmiş, hoz) goşulan şüleler hem örän peýdalydyr. Ýyly we ýokumly ertirlik naharlary adam bedenini içinden gyzdyrýar, şeýle etmek bilen gyş howasynda sowukdan goranmaga ýardam edýär.

Bu ýönekeý düzgünleriň kömegi bilen siziň güýjüňiz we gujurlylygyňyz möwç alar. Mundan beýläk her säher keýpiköklik siziň hemraňyz bolar! Ähli zadyň çeni bilen we durnukly bolmalydygyny unutmaň! Muny özüňize altyn kada edinseňiz, size we maşgalaňyza bähbitli bolar. Öz çagalaryňyza görelde boluň!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu