Häzirki wagtda ýurdumyzda altyn güýzüň günleri dowam edýär. Hut şu günlerde ýapraklaryň ygşyldylaryna diň salyp, ýanýodalardan peýwagtyna ýöremegiň lezzeti-de bir başga. Jana şypa howasynyň ýakymy, dürli reňkli ulaglaryň akymy… iň bellärliklisem ýollarymyzyň, ýodalarymyzyň, umuman şäherimiziň arassalygy.
Ýokarda ýol-ýodalarymyzyň arassalygy barada durup geçdik. Ýurdumyzda ýollarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bimöçber işler amala aşyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatdan başlap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýollaryň durkuny täzelemek, abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşýar. Şol işleriň barşynda pyýadalar üçin täze ýerasty we ýerüsti geçelgeler, köprüler, şol sanda awtoulaglar üçinem ýerasty ýollar, aýlaw görnüşli çatryklar, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpri ýollary peýda bolýar. Olar adamlaryň we ulaglaryň hereketlerini tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär.
— Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, dünýäniň beýleki döwletlerinde hem giň möçberli meseleleriň biri bolup durýar. Sazlaşykly ösüşleriň bagtyýarlyga beslenýän döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da giňelýändigine, bolelinligiň dabaralanýandygyna raýatlarymyza degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň barha artýandygy hem şaýatlyk edýär. Şol sebäpli-de ýurdumyzyň ýollarynda ulaglaryň gatnawlary has-da ýygjamlaşýar. Bu bolsa, ýol hereketi babatda birnäçe oňyn çözülmegini talap edýän meseleleri döredýär. Şeýlelikde, ulaglaryň sanynyň artmagy bilen bu wezipe gün-günden has wajyp häsiýete eýe bolýar — diýip, Polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Ilham Jumakulyýew gürrüň berýär.
Aýnabat ŞERKULYÝEWA,
Farap etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.