Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.
Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.
Milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek işi birjik-de ünsden düşürilmeýär. Häzirki günde mekdepleriň ähli basgançaklary ylmy esasly täze gurluşa geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň we fakultetleriniň sany artdyryldy, şol sanda hünärleriň sany mese-mälim artdyryldy.
Umuman, Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň milli we halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almagy üçin deň mümkinçilikler döredilýär, olar bolsa sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýeti kemala getirmegi şertlendirýär. Bilim we bilimi dolandyryş edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. «Bulutlaýyn» tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly Türkmenistanyň bitewi sanly maglumat-bilim gurşawy döredilip, uzak aralykdan okatmak ulgamynyň giň ösüşe eýe boljakdygy şübhesizdir. Bilim bermegiň häzirki zaman usullarynyň biri bolan uzak aralykdan bilim almak görnüşi ýurdumyzda raýatlaryň üznüksiz bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Maýsa ALLAÝAROWA,
Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.