Žurnalistiň sahypasy

Sanlylaşdyrmak syýasaty

10-09-2022 / 16

Zähmet bazarynda täze mümkinçilikleriň we ygtyýarlyklaryň kemala getirilmegi aýrylmaz şert bolup durýar. Bu bilim ulgamynyň tutuş iş usulynyň, çemeleşmeleriniň, ýörelgeleriniň, maksadynyň we mazmunynyň düýpli özgermegine alyp barýar. Netijede, bilim almagyň transmilli usullarynyň gerimi barha giňeýär.

Ýaýrawy gitdigiçe giňeýän bütindünýä bilim bazarynda ýokary bäsdeşlik gurşawy kemala gelýär. Bu gurşawda öz ornuny ynamly saklaýan we yzygiderli pugtalandyrýan ýurtlaryň arasynda öňdebaryjy dünýä döwletleriniň başyny tutup gelýän ABŞ, Beýik Britaniýa bilen deň derejede, bilim hyzmatlaryny daşary bazarlara çykarmakda soňky ýyllarda has işjeňleşýän Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa we beýleki döwletler hem bar. Sanly binýatlaryň ösmegi bilim ulgamynyň häzirki zaman ösüş derejesiniň çylşyrymly sanly gurşawa kybaplaşdyrylmagyny, şonuň ýaly-da, sanly tehnologiýalaryň uzak möhletli geljekde peýdalanylmagynyň käbir edep jähtleriniň jikme-jik işlenilmegini talap edýär. Şahsylaşdyrylan okatmak usulyna geçilmegi bilim ulgamynyň çeýeliginiň artmagyna alyp barýar, berilýän bilimi okadylýanyň mümkinçiliklerine, aň-bilim derejesine, isleg-arzuwyna, öňde bellän maksadyna doly kybaplaşdyrmaga ýardam berýär, şeýle kybaplyga takyk baha bermek ulgamyny kemala getirmäge itergi berýär. Şu şertlerde mugallym diňe bir maglumatlary beriji, ýaýradyjy, okaýanlara ýetiriji bolmak bilen çäklenmän, gerimi barha giňelýän okuw giňişliginde bilime teşne ýaşlary öz daşynda jemleýän, bolçulykly maglumat akymlarynyň arasynda dogry ýoly salgy berýän ussat halypa öwrülýär. Sanly ykdysadyýetde bilim ulgamynyň esasy maksady bilimleriň maglumat giňişligini emele getirmekdir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy guraly bolup, uzak aralykdan bilim almaga mümkinçilik berýän dürli tehnologik platformalaryň döredilmegi çykyş edýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmeginde bilim edaralary üçin niýetlenilen uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän bilime degişli materiallaryň ýeke-täk binýadynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bibijan ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu