Žurnalistiň sahypasy

Watan ýaşlara daýanýar

07-09-2022 / 10

Ýadyñyzdadyr, şu ýylyň 14-nji iýunynda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap geçiren maslahaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Gujurly, kuwwatly, watansöýüji, jemgyýetimizi dolandyrjak ýaşlarymyzyň ýagty geljegine gönükdirilen anyk işler bu maslahatyň özenini düzdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda durmuşa geçirmekdäki Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça gymmatly maslahatlary bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de milli tejribä laýyklykda alnyp baryljak işler üçin esas boldy.

Gahryman Arkadagymyz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinden soň, 7-nji bendi döredip, oňa ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmeklerini gazanmak, ýaşlara halkara ölçeglere laýyk gelýän goldaw bermegiň döwlet guralyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty babatdaky ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ygtyýarlyklaryna geçirmek meselesini öwrenmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri hödürlemek maksada laýyk boljakdygyny, şeýle hem agzalan Kanunyň 5-nji maddasynyň 16-njy bendinden soň, 17-nji bendi goşmagyň, ýagny Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýän, milli ýörelgelerimize laýyk gelýän, bilim berijilik häsiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Şeýlelikde, 1-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň «Mekan» köşgünde geçirilen, ýaşlaryň we döwletimiziň durmuşynda taryhy waka bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy uly ähmiýete eýedir.

Ata Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine halal hyzmat etmek ýaşlar üçin uly mertebe bolmalydyr. Maksada okgunly, tutanýerli, zehinli we ukyp-başarnykly ýaşlar geljekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna öz goşandyny goşmalydyrlar. 

Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu