Türkmenistanyň Prezidentiniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly öňde goýan wezipeleri hem-de onuň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hem-de olarda watançylyk ruhuny has-da ösdürmekde juda ähmiýetlidir.
Gürrüňi edilýän gurultaýda olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de öňde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenilmegi, ýaşlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça amala aşyrylan hem-de aşyrylmaly işler barada aýratyn nygtalmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna, bilimlerine aýratyn ynam bildirýändigini görkezýär.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçirip gelen milli ýörelgesi ýaşlaryň arasynda mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde-de, ýaş nesilleriň terbiýesine, olaryň döwür bilen sazlaşykly milli ruhda kemala gelmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň ylym-bilimden ýüki ýetik, ukyp-başarnykly, hünärli nesiller — ýurduň geljekki eýeleri bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň biliminiň, olaryň hünär başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Bu işleriň ählisi ata-babalarymyzyň arzuwlan ýurduny berkarar etmäge gönükdirilendir. Çünki kämil bilimli, hünärli, syýasy taýdan sowatly, giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly ýaşlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ygtybarly daýanjy bolup durýar.
Gürrüňi edilýän gurultaýdan gelip çykýan netijeleri, onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň beren maslahatlaryny ýerine ýetirmek, olaryň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek hem-de goramak işinde ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilip durmagy derwaýysdyr. Şeýle bolansoň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary ýaşlaryň arasynda bolup, şeýle çäreleri dowamly geçirip gelýärler. Şeýle duşuşyklarda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmek, olara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça işleri has hem çaltlandyrmak babatda giňişleýin düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Baş maksat ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly edip kemala getirmäge, olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgulary ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir. Çünki ýaşlarda milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, halkymyzyň şöhratly ýörelgelerini artdyrmak endiklerini terbiýelemek örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýaşlar bilen baglanyşykly her bir çykyşynda olary bu ýörelgeleri ugur edinmäge çagyrýar.
Syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen yzygiderli duşuşyklar geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini öwrenmekleri Türkmenistanyň ýaşlar babatda öňe sürýän syýasatyny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär.
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.