Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşleri ýylsaýyn ýokarlanýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy artýar, önümçilik ösýär. Bu bolsa garaşylýan netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär.
Şu ýyl gök, bakja önümleriniň, aralyk ekinleriň bereketli hasyly ýetişdirildi hem-de öz wagtynda ýygnalyp alyndy. Ýylyň-ýylyna kuwwatly daşary ýurt tehnikalarynyň, olaryň iş gurallarynyň uly möçberleri satyn alnyp, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Şonuň ýaly-da, kärendeçileriň tohum, dökün, suw we beýleki derwaýys serişdeler bilen üpjünçiligi gowulandyrylýar.
Soňky ýyllarda obasenagat toplumynyň tehniki binýady hem has pugtalandy. Munuň üçin ýene-de köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şol binýadyň üsti döwrebap traktorlar, kombaýnlar, dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary we iň täze görnüşli enjamlary bilen ýetirilýär. Olaryň ählisi-de dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Oba hojalygyndaky özgertmeleriň esasy maksady azyk bazarynda bolçulygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhümdir. Döwletiň önümleri satyn almagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramaga degişli serişdeleriň berilmegi oba hojalyk öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýär, daýhanlary yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.