Sagdyn durmuşSlider

Almanyň adam organizmi üçin iň peýdaly häsiýetleri anyklandy

28-08-2022 / 19

Günüň dowamynda azyndan 1-2 sany alma iýmek hökmany hasaplanýar. Süýjülikleriň ýerine kakadylan alma ýa-da wagtal-wagtal alma pirogyny iýmek hem maslahat berilýär. Bu barada Moskwanyň Saglygy goraýyş departamentiniň Baş dietology Antonina Starodubowa habar berdi.

Antonina Starodubowa: «Alma — diňe bir lezzetli önüm bolman, eýsem, ol uzak möhletli saklanylýar, şeýle-de adam organizmi üçin zerur bolan witaminleriň, minerallaryň, antioksidantlaryň we süýümiň esasy çeşmesi» diýip belleýär.

Almanyň düzüminde B1, B2 hem-de С witaminleri, foliý kislotasy, karotinoidler bar. Alma gabygynda adamyň öýjük membranalaryny zeperlerden goraýan bioflawonoidler hem bardyr. Onuň süýümi, şeýle-de birnäçe iýmit süýümini özünde saklaýan gabygy, içegäniň mikroflorasyny deňagramly saklamak we lipid alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak üçin örän möhümdir. Düzümindäki organiki kislotalar bolsa iýmit siňdirişini gowulandyrýar.

Lukmanlar alma allergiýasy bolan adamlara ony iýmezligi maslahat berýärler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu