Žurnalistiň sahypasy

Döwür ýaşlaryňky bolsa…

25-08-2022 / 14

Öňde bir akyldar kişi kowum-puşduna: «Eger-de ýaşaýyş-durmuş aladaňyz bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, bugdaý ekiň, eger ol 5 — 10 ýyllyk bolsa miweli, ir-iýmişli baglary ýetişdiriň. Aladaňyz has uzagyny — ýaşaýyş-durmuş ýörelgäňiziň dowamat-dowam bolmagyny nazarlaýan bolsa, onda özüňize mynasyp nesli kemala getiriň. Oňa hat-sowat, ylym-bilim hem edep-terbiýe beriň» diýip wesýet edipdir.

Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nano-tehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetine giňden aralaşdy.

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, taryhy şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebine eýerip, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy terbiýelemek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Ýaş nesillerde ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir.

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu