Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz hemişe dost-doganlyk gatnaşyklaryna örän uly üns beripdir. Bir-birege ynanyşmak arkaly giň gerime eýe bolan şol gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Häzirki döwürde gol çekilen şeýle resminamalaryň sany 288-e ýetdi. Ýene bir aýratyn bellemeli wakalaryň biri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda Arkadagly Serdarymyzyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy türkmen-rus dostluk gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykardy.
Türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işler berk taryhy binýada, özara gatnaşyklaryň toplanan baý tejribesine, hyzmatdaşlygyň barşynda açylýan uly mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar. Bu bolsa iki döwletiň halklarynyň isleglerini we bähbitlerini nazara alýar.
Şeripbaý ERGEŞOW,
Farap etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 1-nji derejeli başlangyç synp mugallymy.