Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

04-07-2022 / 9

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýaşlaryň ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin uly mümkinçilikler döredildi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça öňe süren teklibi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen ýaşlary saýlap alan hünäri boýunça ýurdumyzda hereket edýän orta hünär okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere-de eýe bolýarlar. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek zerur şert hasaplanýar. Häzirki döwürde hususyýetçiler Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli işleýärler. Şunda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw bermek we höweslendirmek ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli düzümleýin taslamalar, şol sanda “Aşgabat-sitiniň” we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary talyp ýaşlardyr ýaş hünärmenler üçin özboluşly synag mekdebi bolup durýar. Olarda täzeçil başlangyçlardyr özboluşly işläp taýýarlamalar zerurlyk hasaplanylýar hem-de iş ýüzünde giňden peýdalanylýar.

Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Jeren GALANDAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu