Sanly ulgam — geljegiň ygtybarly we ykrar edilen ösüş ýoly. Bütin dünýäde ykrar edilen bu ulgamyň adamzat üçin örän möhüm ähmiýeti soňky birnäçe ýylyň içinde has-da duýuldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 13-nji maýda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine, hususan-da, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly kabul edilen konseptual resminamalara laýyklykda durmuşa geçirilýän işlere we ýetilen sepgitlere garaldy.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly reforma ýurdumyzda netijeli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgam babatda giň gerimli özgertmeleri öz içine alýan konsepsiýany üç tapgyrda durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyry doly amala aşyryldy. Bu tapgyrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde bolsa «Türkmenaragatnaşyk» agentligi kesgitlenildi.
2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji tapgyrda halk hojalygyna we durmuşymyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda maglumat hyzmatlary bilen birlikde, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Bu tapgyrda sanly ulgamy ösdürmegiň çäklerinde degişli maksatnama işlenip taýýarlanylyp, «Elektron hökümet» ulgamyny doly işe girizmek meýilleşdirilýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirildi. Serwerleri satyn almak we ornaşdyrmak arkaly elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy. Zerur enjamlar we programma üpjünçilikleri ornaşdyrylyp, internet web-saýtlary kämilleşdirildi. Netijede, toplum bilen bagly maglumat elýeterliligi ýokarlandyryldy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bölümleriniň arasyndaky içerki resminama dolanşygynyň bökdençsiz hem-de durnukly işlemegi üpjün edildi.
Ýoldaş HEMRAÝEW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.