Ak bugdaýyň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda mukaddes ak ekine berilýän üns, gallaçy kärendeçilere döredilýän şertler has gowulandy. Munuň özi edermen babadaýhanlarymyz hakyndaky edilýän köptaraplaýyn aladadyr. Şonuň netijesinde babadaýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerinden, şol sanda galladan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar. Häzirki zähmet joşguny bu ýylyň hem üstünliklere beslenjekdigini görkezýär.
Asyrlar boýy guşgursak dänesi bilen maşgalasyny eklän pederlerimiz bugdaýyň ak hoşa, ak ýazlak, atdişi, gyzyl däne, gyzyl hoşa, gyzyl ýazlak, malagan ýaly birnäçe görnüşlerini döredipdirler. Güýzde güýzlük bugdaýy bilen şöhratlanan gallaçylarymyz, ýazda ýazlyk bugdaýyny kemala getirip, ýylgallasyny edinipdirler. Türkmen diliniň sözlügindäki bugdaý bilen baglanyşykly ençeme nakyllar, rowaýatlar, yrymlar bu behişdi nygmatyň türkmeniň hut öz ekinidiginden habar berýär. «Gallam bar — tyllam bar» diýip, dänesini tylla-göwhere deňän eždatlarymyz: «Arpa bugdaý aş eken, altyn-kümüş daş eken» diýmek bilen, halkyň azygy hasaplanýan bugdaýy gymmatly baýlyklardan hem bir mertebe ýokarda goýýar. Halk arasynda häzirki günlere çenli saklanyp galan ury, ammar, degirmen, soky, galbir, döwek ýaly bugdaýyň orluşy, döwlüşi, üwelşi bilen baglanyşykly sözler türkmen halkynyň bütin durmuşynyň bugdaýa bagly bolandygyna şaýatdyr. «Gallam bar — ne gam bar», «Harman aldym — gala aldym» diýmek bilen, duluna söýelgi çuwal-çuwal dänesinden, urulara, ammarlara gömlüp goýlan bugdaýyndan geljek ýylyň hasylyna çenli azyklyk edinen atalarymyz durmuşynyň halallyk ölçegini hem hut bugdaý nanyndan gözläpdir.
Galla — durmuş. Hasyl — ýeňiş. Galla — halkyň baýlygy, Watanyň ykdysady kuwwaty. Galla öndürip bilýän ýurt umumadamzat taryhyna gaýtalanmajak gymmatlyklary goşup bilýän döwletdir. Biziň ýurdumyz hem şeýle bagta eýe bolan döwletdir. Galla meýdanlaryndaky yhlasly zähmetiň joş alýandygyny hem-de guşgursak, dok däneli, sümmül bolup oturan ak bugdaýly meýdanlary göreniňde ruhuň göterilip, türkmen gallaçylaryna, «Çäjiňize bereket!» diýesimiz gelýär. Berekediň egsilmesin, ak bugdaý!
Azat SEÝITNYÝAZOW,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.