Ýurdumyzda sanly ulgamy kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehniki we programma üpjünçiligi bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ulgamy ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribeler peýdalanylyp, önümçilige ornaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işler dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilýän ýokary tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirýärler. Şoňa baglylykda, ýurdumyzda maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin dürli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda sanly ulgamyň giňişleýin ulanylýan zamanasynda ähli pudaklarda ýerine ýetirilýän işler, hyzmatlar, aragatnaşyk we maglumatlar ulgamy kompýuter tehnologiýasynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň kemala getirilmegi, ilki bilen, ylmy-tehniki ösüşiň başlangyjy bolup durýar. Şunda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak dürli ugurlarda döwrebap tejribäni peýdalanmak bilen aýrylmaz baglanyşykda bolmak arkaly ykdysadyýetdäki sanly özgertmeler esasynda jemgyýetiň ýaşaýyş durmuşyny ýeňilleşdirýär.
Gelejegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim alyp dürli pudaklarda zähmetsöýer hünärmenler bolup ýetişmegi üçin bilim almak mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär. Sanly ulgamy kämilleşdirmäge gönükdirilen ähli işler eziz Watanymyzyň ählitaraplaýyn ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagynda möhüm ugur bolup durýar.
Ýazmuhammet SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.