Žurnalistiň sahypasy

Täze pikirli ýaşlar

28-06-2022 / 15

Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan döräp, paýhas eleginde eýlenen her bir eseri ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, durmuş mekdebidir. Bu ajaýyp eserler halal zähmetimiz bilen Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ödemäge çagyryşdyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» diýen ajaýyp kitabyndaky: «Ýaşlar biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys» diýen sözleri ýaşlary ýurdumyzyň altyn öwüşginli ak sähralaryndan ylham, ter öleňli daglaryndan güýç-kuwwat, bossan içre baglaryndan joş alyp, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda toý sapary bilen Balkan welaýatynda, şeýle hem Daşoguz we Lebap welaýatynlaryna toý saparynda bolanda eden taryhy çykyşlarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekmegi köňüllerimizi buýsanja pürepürledi. Munuň özi abadan ýurdumyzy asyryň nusgalyk döwleti hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşandymyzy goşmaga çagyryş boldy.

Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu