Žurnalistiň sahypasy

Ylym we tehnologiýa

27-06-2022 / 12

Adamlaryň ýaşaýan dünýäsi, şol sanda gurýan, döretýän maddy gymmatlyklary ylym we tehnologiýanyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Ylym – kämilligiň gözbaşy. Ylym – bu tehnologiýanyň ösüşine we durmuş ulgamyna uly täsiri barada umumy düşünjeleri artdyrmaga ýardam edýän bitewi ulgamdyr. Ylym diýlende ähli ugurlardaky ösüşler göz öňüne gelýär. Çünki ylmyň bar ýerinde tehnologiýa esasy rol oýnaýan serişdedir. Alymlar ilkibaşda ylym-bilimlerini tehnologiýany ösdürmek üçin peýdalanyp, soňra bolsa, ylmy ösdürmek üçin tehnologiýany peýdalanýarlar. Tehnologiýa damyň ýaşaýyş durmuşynda, her bir edýän işinde onuň ygtybarly kömekçisidir. Ylym tehnologiýanyň esasy çeşmesi bolup, tehnologiýa bolsa adamyň gündelik durmuşynda peýdalanýan serişdesidir.
Tehnologiýa adamzat dünýäsindäki ylmyň höweslendirijisidir. Mundan başga-da, ylym bilen tehnologiýanyň özara aýrylmaz baglanyşygy ähli pudaklarda, oba hojalygynda we halk hojalygynda maglumat ulgamlary bilen üpjün etmäge we fiziki zähmeti ýeňilleşdirmäge, öwrenilýän obýekti köp taraplaýyn seljermäge, ýerine ýetirilýän işiň wagtyny tygşytlamaga, alynýan netijäniň takyk bolmagyna giň mümkinçilikler döredýär. Diýmek, ylym we tehnologiýa adamzadyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.

Nurgeldi NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu