Žurnalistiň sahypasy

Beýik işleriň döwri

26-06-2022 / 8

Ýurdumyzda durmuş we senagat maksatly döwrebap taslamalar amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherçesi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen ajaýyp toplumlar, sebitlerde döredilen obadyr şäherçeler, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan täze ýaşaýyş toplumynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töweregindäki şäherçeleriň taslamalary hem-de ýene-de ençeme binalar toplumlary ata Watanymyzyň ykdysady, durmuş, şähergurluşyk babatda täzeçil ýörelgeleriň mekanyna öwrülýändigini alamatlandyrýar.
Bu gün dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, paýtagtymyzy ýurdumyzyň sebitleri bilen birleşdirjek döwrebap ýol-ulag düzümi emele gelýär. Şeýle taslamalaryň biri hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bolup, şu ýylyň oktýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu döwrebap ýol-ulag düzüminiň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi üstaşyr geçelgeleri özünde jemleýän ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Bu öz gezeginde, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde hem uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geljekde Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna sepleşmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda gurluşygy amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary diňe bir türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň döwletleriniň ykdysady ösüşi üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldýändigini, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini görkezýär.

Malahat MADRAIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu