Žurnalistiň sahypasy

Dil — dünýäni synlamak üçin penjire

24-06-2022 / 12

Hytaý halkynda şeýle bir pähim bar: «Dil öwrenmek dünýäni synlamak üçin berlen ýene bir penjiredir». Örän ýerlikli aýdylan söz. Çünki dil bilen dünýäni gezer, öwrener.
Dil öwrenmek, esasan hem daşary ýurt dillerini öwrenmek adamynyň dünýägaraýşyny ösdürýär, pikirlenişini has-da baýlaşdyrýar. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil öwrenmek ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýär hem-de sözleýiş ukybyny kämilleşdirýär. Şunuň özi hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ýaly aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda daşary ýurt dilleri bilen birlikde, ene dilimiziň terjime sözlükleriniň düzülendigi, kitap bolup elimize gowuşandygy hem bellenmäge mynasypdyr. Sözlüklerde daşary ýurt sözleriniň aňladýan manylary ylmy esasda düşündirilýär. Şeýle bolansoň häzirki ýaşlar bu dilleri suwara bilip, giň dünýägaraýyşly kämil bolup ýetişýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iňlis, nemes, hytaý, ýapon, fransuz we rus dillerini öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Ol mekdepler ýaşlara çagalygyndan göwün saýlan dilini öwrenmäge doly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem mekdeplerde dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän, özünde örän ýokary döwrebap usullary jemleýän tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şonuň üçin mugallymlar okuwçylaryň, talyplaryň dil taýýarlygynyň kämil bolmagyny gazanmakda, olaryň köp dil bilmeklerini üpjün etmekde, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan giňişleýin peýdalanýarlar.

Malahat MADRAIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu