Deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan türkmen-eýran gatnaşyklary häzir ähli ugurlar boýunça — syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Eýran abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy has-da pugtalandy. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen–Sarahs–Maşat demir ýoly ulanmaga berildi. «Dobral» ýol gurluşyk kompaniýasy Aşgabat–Arçman aralygyndaky gara ýoluň durkuny täzeledi. 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Eýrana tarap Körpeje–Gurtguýy gaz geçirijisi açyldy. Eýran ýylda 7 mlrd kub metrden gowrak türkmen gazyny satyn alyp başlady. 2000-nji ýylyň dekabrynda Artykdan Eýranyň Lýutfabat obasyna çenli täze gaz geçiriji açyldy. Türkmen-eýran serhedinde «Dostluk» suw bendi guruldy. Eýranyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda Gyýanly şäherçesinde suwuklandyrylan gazy saklamak we ýüklemek boýunça terminal gurlup ulanmaga berildi. Onuň kuwwatlylygy ýylda 200 müň tonna suwuklandyrylan gazy ýük göterijiligi 3 müň we ondanam köp 60 sany tankere ýüklemäge ýetýär.
2010-njy ýylyň başynda Eýrana tarap Döwletabat–Sarahs–Hangeran gaz geçirijisi açyldy. Türkmen «mawy ýangyjynyň» täze «günorta akymynyň» taslama kuwwatlygy tebigy gazyň her ýylda 12,5 mlrd kubmetrini ibermäge mümkinçilik berýär. Bu gazyň esasy sarp edijisi Mazanderandaky Nekab elektrostansiýasydyr.
2007-nji ýylyň oktýabrynda Hazarýaka döwletleriniň Tähranda geçirilen II Sammitinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri Gazagystan-Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy barada resminama gol çekdiler. Bu demirýoluň gurluşygy giň gerimde alnyp baryldy. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly ulanmaga berildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň 2015-nji ýylyň martynda Aşgabada saparynyň barşynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda bu demir ýol arkaly ýük daşalyşyny 10 million tonna ýetirmek, şeýle hem Oman–Eýran–Türkmenistan–Özbegistan ulag geçelgesini işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň pugtalandyrylmagynda we halklarymyzyň abadançylykda ýaşamaklarynda aýratyn orny bardyr. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynda amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli gatnaşyklary il taýdan täze derejä çykarmak babatda möhüm ädim bolar.
Şöhrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.