Gadymy Amul topragy medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir. Şeýle bolan soň, gadymy Lebap topragynda gadymy döwürlerden tä biziň günlerimize çenli meşhur taryhy-edebi eserleriň ençemesi döräpdir. Olar ruhy-medeni gymmatlyklary hökmünde halkymyzyň hakydasyna siňendir.
Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler durmuşymyzyň düýni baradaky wakalaryň şaýatnamasyna öwrülen gymmatlyklardyr.
Türkmenistanyň muzeý işiniň gözbaşyny alan ýeri bolan welaýatymyzda häzirki wagtda hem geçmiş taryhymyzyň şöhratly wakalaryndan habar berýän eksponatlar bilen bezelen kaşaň binada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär. Bu muzeý ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylýan mirashanasyna, medeni-ylmy ojaga, wagyz işleriniň dürli görnüşleriniň alnyp barylýan merkezleriniň birine öwrüldi. Syýahatçylyk ulgamynyň ösmeginde muzeýler ýurtda uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Çünki muzeýleriň altyn hazynasyny düzýän gymmatbaha metallardan ýasalan we beýleki esbaplar – dürli döwrüň wakalarynyň şaýady bolan arheologik tapyndylar, taryhy resminamalar, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, ýurduň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklary hakynda söz açýan eksponatlar, türkmeniň dünýä nusgalyk naýbaşy milli gymmatlygy bolan haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri, ýurtda seýrek duş gelýän geologik tapyndylar halkyň geçmiş we şu günki medeniýetiniň ösen derejesinden habar berýär. Muzeýe baran her bir watandaşlarymyz Gundogaryň milli medeniýetini we ajaýyp sunngatyny synlamaga, şeýlede gadymy Jeýhunyň gyzykly taryhyny öwrenmäge pursat tapýarlar.
Muzeý diňe bir sergi işlerini gurnaman, eýsem, bu ýerde her baýramçylyklarda degerli maslahatlar, çykyşlar hem yzygiderli geçirilýär. Munuň özi bu ýeri medeniýetiň gymmatlygy ojagyna öwürýär.
Bu ösüşleriň, amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran, il-gününi bagtly, eşretli günlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris!
Leýla BAZAROWA,
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň fleýta hünär mugallymy.