Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim babatda kuwwatly döwlete öwürmek maksadyndan ugur alýan milli bilim syýasaty täze üstünliklere beslenýär.
Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Bilimiň hemmelere wajypdygyny nazara alyp, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilendir. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, bu işde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ösdürilýär. Bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu resminama 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizildi.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyz ynsanperwerlik ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Babamyrat NURJYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň talyby.