Žurnalistiň sahypasy

12-nji iýun – Ylymlar güni

12-06-2022 / 27

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň geljegi üçin uly goşantdyr. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuşynyň derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir.

Türkmenistanda ylmyň ösüşi daşary ýurtly kärdeşler bilen halkara hyzmatdaşlygy, tejribe alyşmak, ylym we tehnologiýa pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, Ýaponiýa, Russiýa we beýleki ýurtlaryň gözleg merkezlerinde we uniwersitetlerinde ýaş hünärmenler üçin tejribe geçmek arkaly ýeňilleşdirilýär. Ylym ýurtlaryň arasyndaky özara alyşmalarsyz, bilelikdäki taslamalarsyz, pikirleri we gazanylanlary ara alyp maslahatlaşmazdan, birek-birege tejribäni geçirmezden netijeli ösüp bilmez. Türkmenistanyň ylmy pudagynda möhüm wakalardan biri hem Ylymlar akademiýasynda Tehnologiýa merkeziniň açylmagydyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar merkezinde ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy barlag işlere gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak, ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek ýaş alymlaryň ylmy-barlag merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklygyna ýardam bermek we şular ýaly birnäçe mümkinçilikleri amala aşyrmaklygyny gazanmak maksady bilen, «Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginiň geçirilendigini bellesek bolar. Türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň ylmy-barlaglarynyň ugurlarynyň diňe bir nazaryýet babatda däl, eýsem, amaly taýdan ulanylmagy nukdaýnazaryndan hem möhümdigi guwandyrýar.

Aşyrbibi HOJAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu