Türkmen we rus halklarynyň köpasyrlyk dostluk-doganlyk gatnaşyklary Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallalary esasynda has okgunly häsiýete, täze öwüşgine eýe bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypalaryň açylmagyna itergi berýär. Uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, gurluşyk we beýlekiler degişlidir.
Ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasaty, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýän ynsanperwer taglymlary hem-de başlangyçlary Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň has hem ösjekdigine, dostluk-doganlygyň dowamatynyň dowamat boljakdygyna kepil geçýär.
Ine, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy şu ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçdi. Bu sene mynasybetli döwletara derejede-de, ýurduň Türkmenistan bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýan sebitleri derejesinde-de dürli görnüşli çäreler geçirilip, ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine bagyşlanan mowzuklarda «tegelek stol» maslahatlary, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine bagyşlanan bilermenler mejlisi, okuw sapaklary ýokary derejede alnyp baryldy. Oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň Liderleriniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanylmagy, netijeli döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda goşan uly goşandynyň aýdyň beýanyna öwrülmek bilen iki dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalanjakdygynyň esasy boldy.
Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Bu bolsa türkmen-rus gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.