Sarymsagyň sapaklaryny we gabyklaryny zibil gutularyna taşlaýan bolsaňyz, indi bu ýagdaýda pikirlenmeli bolarsyňyz. Ine, sarymsagyň gabygynyň saglyga ajaýyp peýdalary we ulanylyş usullary …
Tebigy antibiotik çeşmeleriniň biri bolan sarymsagyň bedenimiz üçin ajaýyp peýdasynyň bardygy ählimize mälim bolsa gerek. Sarymsagyň gabygyny ulanmak näme üçin peýdaly?
Sarymsagyň gabygynyň peýdalary:
Sarymsagyň gabyklary we sapaklary hem ýaşlygyňyza ýaşlyk goşjak güýçli antioksidant häsiýete eýedir.
Hünärmenler sarymsagyň gabyklarynyň zyňylmaly däldigini aýdýarlar. Sarymsagyň gabygynda azyndan 6 dürli antioksidant bolup, esasanam ýürek sagdynlygyny goramaga kömek edýär.
Sarymsagyň gabygynda köp bolan «quercetin», garramaga, inçe çyzyklara we deri dokumalarynyň gowulaşmagyna goşant goşup, çişmä garşy göreşýär.
Sarymsak gabygyny ulanmagyň ýollary:
Sarymsak gabyny aňsatlyk bilen iýmegiň dürli usullary bardyr. Mysal üçin: sarymsagyň gabygyny çaýa demläp içip bilersiňiz. Ýa-da çorbalaryňyzda sarymsagyň gabygynyň gaýnadylan we süzülen suwuny ulanyp bilersiňiz.
Guradylan gabyklary tozga öwrüp, taýýarlaýan işdäçarlaryňyzdyr naharlaryňyzda ulanyp bilersiňiz!
«TürkmenGazet».