Žurnalistiň sahypasy

Orta asyrlaryň keramika sungaty

09-06-2022 / 22

Orta asyrlarda küýzegärçilik işinde syrçasyz çeper keramika aýratyn orny eýeläpdir. Iri däl syrçasyz gaplaryň daşy örän ýuka bolup, olar, esasan, ýapyk görnüşli gaplardan, küýzelerden, kiçi göwrümli küýzelerden, suw gaplaryndan we beýlekilerden ybarat bolup durýar. Olara bişirilmezden öň aýratyn galyplaryň kömegi bilen nagyş basylypdyr. Bu işler elde haşamlamak arkaly amala aşyrylypdyr. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde, goraghanalarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylar hem güwä geçýär.

XII asyrda Demirgazyk Horasanda syrçasyz galypda taýýarlanan çeper keramika önümleri giňden ýaýrapdyr we bu usul gijräk Köneürgenjiň küýze önümlerine hem ornaşypdyr. Gaplara galyp boýunça çeper nagyş basmak usuly öz gözbaşlaryny irki orta asyrlardan alyp gaýdýar. Seljuklar döwründe bu usul keramika sungatynda has giň ýaýrapdyr. Şol döwürde şäherler dürli senetçilik önümleri öndürmekde özara bäsleşipdirler. Bu önümler diňe bir ýerli bazarlarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da gymmatly haryt bolupdyr. Galypda ýasalyp basylýan nagyşlar bilen bezelen gaplar bu talaplaryň ählisine laýyk gelipdir. Şeýle önümleri öndürmek diňe keramika önümlerini öndürmegiň tilsimatlary ussatlyk bilen ele alnan ýagdaýynda mümkin bolupdyr.

Türkmenistanda orta asyrlarda galyplanan keramika sungatynyň esasy ulanylýan görnüşi dar bokurdakly küýzeler bolupdyr. Olaryň ýokarky böleklerini geometrik nagyşlar, ýagny ýyldyzjyklar, dörtburçluklar, üçburçluklar, romblar bilen bezäpdirler. Şeýle gaplarda tolkun çyzyklar we egrem-bugram çyzyklaryň göni hatarlary köp duş gelýär.

Galyplanan gaplaryň nagyşlary ösümlik bezeglerine örän baý bolup, bu nagyşlaryň tebigatyň täsirinde dörändigi jedelsizdir. Bu nagyşlar ýapraklaryň, gülleriň birleşmesi esasynda ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, bu tapyndylarda haýwanlaryň, guşlaryň şekilleri hem gabat gelýär. Şolaryň içinde arap, «kufi» we «nash» ýazgylary bilen ýerine ýetirilen küýzelere we küýze önümlerine hem duş gelmek bolýar. Olaryň geometrik, ösümlik nagyşlary bilen utgaşdyrylmagy gaplary has hem kaşaň görkezýär. Ýurdumyzyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri geçmiş taryhymyzyň şaýady bolan keramiki tapyndylaryň jemlenen ýerleridir.

Arzuw ÖWEZOWA,
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu