
Barha öňe gidýän dünýäniň ösüşi bilen baglylykda täze tehologiýalar, nou-haular, ylmy çözgütler döräp gidip otyr. Şolaryň düýp özeninde bolsa hökman ekologiýa abadançylygyny dürs berjaý etmek, azyk howpsuzlygyny döretmek meseleleri dur.
Zeminiň abadançylygynyň bagy-bossanlykdadygy bolsa bireýýäm subut edilen hakykatdyr. Biziň günlerimizde tutuş dünýäde iň wajyp, aňrybaş möhüm mesele — bu ynsan zähmeti, aň-paýhasy bilen tebigatyň bitewi sazlaşygydyr. Şol sebäpli-de, halkara guramalary hem geljekde howanyň üýtgemegini, çölleşmek ýagdaýlarynyň köpelmegini, gurakçylygyň ýüze çykmagyny, ekologik bozulmalary, howa bug gazlarynyň has köp zyňylmagyny nazara alyp, anyk hasaplamalar, takyk ylmy kesgitlemeler esasynda amala aşyrylmaly işleriň möhümdigine barha köp ünsi çekýärler.
Ekologiýa hiç hili zyýansyz önümçilik — bu geljegiň, nesilleriň bagtyýar ýaşamagynyň, ekologik howpsuzlygyň berk kepili. Ýaşyl zolaklary döretmek, miweli hem saýaly agaçlary ekmek sagdynlygyň hem bolçulygyň binýadyny tutmak diýmekdir.
Uzak ýaşlylyk, keýpiçaglyk, çaga gülküsidir guşlaryň sesi gözel tebigaty, ekologiýa abadançylygyny, ynsan bilen daşky dünýäniň ajaýyp sazlaşygyny alamatlandyrýar. Biziň ata Watanymyz hem ajaýyp tebigat gözelligi, arassa ekologiýasy bilen dünýäni haýrana goýýar.
Şeker MEREDOWA,
Döwletli etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň geografiýa we ekologiýa mugallymy.