Türkmenistanda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni bellenip geçilýär. Ol ösüşlere beslenen beýik özgertmeler eýýamynda dörän baýramçylykdyr. Şol özgertmeleriň özeninde oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler, ylmy pikirleriň öňdebaryjy gazananlary goýlandyr.
Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.
Ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.
Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty onuň halkara abraýynyň nyşanydyr, milli baýlygyň möhüm bölegidir, onda döwletimiziň kuwwaty jemlenendir.
Gülhatyja ŞEMSETDINOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby.